- elenmek
- işlik1) Elekden geçirilmek.∙ Elekden un elenýän ýaly bolup ownuk gar sepelenip başlady. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)∙ Elenmedik unuň çöreginiň ugry bolmaz. (M. Gorkiý, Ene)2) Göçme manyda Saýlanmak, seçilmek, barlanmak.3) Göçme manyda Çaýkanmak, yranmak, sandyramak, titremek.∙ Atly gelip daýananda, at elendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Duran ýerinde elendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)4) Göçme manyda Kynçylyk çekmek, horlanmak, kaňkamak.∙ Muny gapy-gapy elenip ýörmekden gutaralyň! («Görogly» eposy)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.